Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, nebiti gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin degişli işleri alyp barmagyň, munuň üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň zerurdygyny belledi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.