Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol döwrüň talabyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem milli parlamentiň 30-njy noýabrda geçiriljek nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynda görülýän çäreler, deputatlaryň gatnaşýan çäreleri, alyp barýan wagyz-nesihat işleri barada-da aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegiň, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek işlerini alyp barmagyň zerurdygyny belledi.
Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Hökümet mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutany oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň "Hakyda göwheri" atly täze kitabynyň neşir edilendigini aýtdy hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna we hemmelere bu waka mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, mejlisi jemledi.