Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň düzümini tassyklady, Türkmenistan we FAO azyk howpsuzlygy barada şertnama baglaşdy, Döwletjan Ýagşymyradowyň söweşi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
2. 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş Assambleýasynyň Administratiw-býujet komitetiniň nobatdaky maslahaty geçiriler. Bu mesele türkmen wekiliýeti bilen HSB-niň Baş sekretary Dimitriý Kerkentzesiň arasynda Parižde geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň bu Guramanyň Administratiw-býujet komitetine agzalygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklara garaldy.
3. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen-iordan daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ynsanperwerlik ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň, BMG-niň çäginde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurlygy nygtaldy.
4. Aşgabatda howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy pudagynda hyzmatdaşlyga bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasynyň (FAO) arasynda resmi ylalaşyga gol çekildi.
5. 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda açyljak «Modern» sergisi häzirki zaman türkmen sungatynyň wekilleriniň döreden täze eserleri bilen tanyşdyrar. Serginiň açylyş dabarasy sagat 18:00-da başlanýar. Sergi bir aýlap dowam eder, bu bolsa giň köpçülige türkmen suratkeşleriniň sungatdaky häzirki zaman gözlegleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Dünýäde
6. Meşhur telekeçi we kriptowalýuta platformasyny esaslandyryjy Jastin San özüniň uly wadasyny ýerine ýetirdi. Ol italiýaly suratkeş Maurisio Kattelanyň 6,24 million dollara satylan meşhur sungat eseri bolan banany iýdi. «Beýleki bananlardan has tagamly» diýip, San ýörite metbugat maslahatynda miwäni dişläninden soň aýtdy.
7. 12-nji dekabrda Moskwada GDA ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler. Duşuşygyň dowamynda ýedi meseläni, şol sanda gün tertibiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Esasy üns ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag pudagyny sanlylaşdyrmaga we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdiriler.
Sport habarlary
8. Döwletjan Ýagşymyradow we amerikaly Impa Kasanganaý 29-njy noýabrdan 30-njy noýabra geçilýän gijede «PFL Season Championships» ýaryşynyň finalynda duşuşarlar. Tutluşyk Er-Riýadyň «King Saud University Arena» meýdançasynda geçirilen. Ýeňiji million dollarlyk baýraga we ýarym agyr agram derejesinde PFL-iň çempionlyk guşagyna mynasyp bolar. Ýaryşyň tutluşyklary «Setanta Sport» teleýaýlymynda we «Okko» onlaýn kinoteatrynda göni ýaýlymda görkeziler. Ýaryş Aşgabat wagty bilen 00:55-de başlar.
9. Halkara futbol federasiýasy dünýäniň milli ýygyndylarynyň täzelenen sanawyny hödürledi. Argentina birinji ornuny saklaýar, ondan soň Fransiýa we Ispaniýa gelýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysy ozalky sanaw bilen deňeşdirilende, bir orun ýokary galdy we 143-nji ýeri eýeledi.