Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar bir sagat gezim etmegiň adamyň ömrüni näçe uzaltýandygyny anykladylar

19:0028.11.2024
0
8160
Alymlar bir sagat gezim etmegiň adamyň ömrüni näçe uzaltýandygyny anykladylar
Surat: gazeta.ru

Griffitiň uniwersitetiniň alymlary bir sagatlyk gezim etmegiň işjeň däl adamyň ömrüni alty sagat uzaldýandygyny anykladylar. Ylmy-barlaglaryň netijesi «British Journal of Sports Medicine» (BJSM) neşirinde çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Ylmy-barlaglar eger ABŞ-nyň ähli ýaşaýjylary, ilatyň 25 göterimi ýaly, işjeň bolsalar, ýaşy 40-dan ýokary adamlaryň ortaça 5,3 ýyl uzak ýaşap biljekdiklerini görkezdi. Şunda az hereket edýän we fiziki maşklar bilen meşgullanmaýan adamlaryň arasynda ömrüň dowamlylygy has ýokary bolup biler. Alymlaryň pikiriçe, ilatyň az hereketde bolýan bölegi her gün arassa howada bir sagat gezim etseler, alty ýyl uzak ýaşap bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň