Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirilýär

17:3827.11.2024
0
15517
Aşgabatda III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirilýär
Surat: atavatan-turkmenistan.com

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirilýär. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabrynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän bu çäräniň maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň we milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Bu çärä gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylaryndan, ylmy işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat wekiliýet Aşgabada geldi.

26-njy noýabrda hytaý wekiliýetiniň agzalary Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ikinji mejlisine gatnaşdylar. Onuň dowamynda bilelikde alnyp barlan işleriň netijeleri, iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň çäklerinde taraplar soňky ýyllarda okgunly ösdürilýän we strategik hyzmatdaşlyk derejesine eýe bolan döwletara dialogyň däp bolan dostluga, ynanyşmaga esaslanýan häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylan esasy mowzuklaryň biri boldy. Bu teklip Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň Halkara ylmy-tehniki alyşmalar merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilen berkidildi.

Iki ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek boýunça pikir alyşmalar indi üçünji gezek geçirilýän türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň çäklerinde dowam etdi. Onuň öňüsyrasynda innowasion tehnologiýalaryň sergisi guraldy. Sergi köp sanly daşary ýurtly myhmanlara ylym-bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýän Türkmenistanyň ýokary ösüş derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.

Döwrebap agrotehnologiýalar, gidromineral çig mal we beýleki tebigy serişdeleri toplumlaýyn özleşdirmek, genetika, seçgiçilik ulgamynda gazanylan üstünlikler, innowasion tehnologiýalary senagat önümçiliklerine ornaşdyrmak, ekologik meseleleri çözmegiň, dürli keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň netijeli usullary forumyň gün tertibine girizilen möhüm meseleler boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň