Güýçli harasat Türkiýäniň merkezi, gündogar we günorta böleklerine düşdi, 30-dan gowrak ülkede bulaşyk howa dowam edýär diýip, «MIR 24» ýazýar.
Häkimiýetler ülkeleriň 13-sinde howa howpunyň «sary» we «gülgün» derejelerini yglan etdiler, ýene 32 ülkede mekdepleriň hem-de döwlet edaralarynyň işi togtadyldy. Ýurduň daglyk etraplarynda gar üýşmekleriniň beýikligi 50 santimetre ýetýär. Sinoptikleriň çaklamalaryna laýyklykda, gar ýene azyndan üç gün ýagar.