26-njy noýabrda Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag gününe gabatlanyp geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» («ITTC-2024») atly halkara maslahat öz işine başlady.
Forumyň plenar mejlisi halkara guramalaryň ýokary derejeli wekillerini bir ýere jemläp, onda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Gtanaşyjylaryň arasynda BMG-niň Ýol howpsuzlygy boýunça ýörite wekili Jan Todt, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Pretto, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň hem-de Rumyniýanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylary bar. Halkara maslahatyň birinji gününiň maksatnamasy şu iki esasy ugra gönükdirildi: ulag geçelgelerini ösdürmek we durnukly ulagy maliýeleşdirmegiň innowasion mehanizmlerini gözlemek. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar dürli ulag ulgamlaryny we maýa goýum strategiýalaryny netijeli utgaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Şeýle-de ulag pudagynda aýal-gyzlara bagyşlanan sessiýa çäräniň aýratyn bölegi bolar. Onda bilermenler üstünlikli zähmet ýollary barada gürrüň bererler we öz içine alyjy korporatiw medeniýeti ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.
Halkara maslahat 27-nji noýabrda öz işini tamamlar.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşyjylara Gutlag iberendigini habar beripdik.