Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar: ýaşy 50-den geçýän adamlar üçin internet ulanmak peýdaly

09:4722.11.2024
0
3347
Alymlar: ýaşy 50-den geçýän adamlar üçin internet ulanmak peýdaly
Surat: vfokuse.mail.ru

Gonkongyň uniwersitetiniň alymlary internetiň ýaşy 50-den geçýän adamlaryň durmuşynyň hilini gowulandyryp biljekdigini anykladylar. Olar munuň üçin ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Meksikada we Braziliýada 87 müň 559 adamyň maglumatlaryny seljerdiler. Olary alty ýyllap synlamalaryň netijesinde internet ulanmagyň uly ýaşlylarda göwnüçökgünligiň peseldýändigi, umumy özüňi duýşy gowulandyrýandygy hem-de durmuşdan kanagatlanma döredýändigi belli boldy.

Aýratyn hem elektron hatlary ugratmak, haryt satyn almak, syýahatçylygy meýilleşdirmek we maglumat gözlemek peýdaly bolup durýar. Ylmy-barlagyň netijeleri «Nature Human Behaviour» žurnalynda çap edildi diýip, «mail.ru» ýazýar.

Alymlaryň sözlerine görä, internet ulanmak psihiki saglygyň gowulanmagyna ýardam edýär, sosial işjeňligi goldaýar. Galyberse-de, tora girmek uly ýaşly nesil üçin iň ýiti meseleleriň biri bolan ýalňyzlyk duýgusyny ýeňmäge kömek edýär.

Habarda internet ulanmak bilen psihiki saglygyň gowulanmagynyň arasynda sebäp-netije arabaglanyşygyny tassyklamak, jynsa degişlilik, ýaş we beýleki ýagdaýlary öwrenmek üçin goşmaça ylmy barlaglaryň geçirilmeginiň gerekdigi bellenýär.

Ýeri gelende aýtsak, gartaşan adamlar üçin gajetler ýeterlik derejede uly ekranly bolmalydyr diýip, alymlar nygtaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň