1-nji noýabrda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmaga bolan meýli bilen bagly meselelere ygrarlylyk nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýyldan bäri goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesine eýe bolan Türkmenistana HPG-niň maslahat beriji goldawynyň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar diýlip, habarda bellenilýär.