Türkmenistan we Russiýa ýeke-täk synaglary we ýeke-täk jemleýji attestasiýany geçirmek boýunça geljekdäki mümkin bolan hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu mesele Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew bilen Russiýa Federasiýasynyň magaryf ministriniň orunbasary Andrey Korneýew bilen geçen duşuşykda aýratyn üns merkezinde boldy. Bu hakda biz ozal habar beripdik.
11-nji synplar üçin Ýeke-täk döwlet synagy (ÝDS), şeýle-de 9-njy synplar üçin Esasy döwlet synagy (EDS) ýaly Russiýanyň synaglary geçirmek boýunça tejribesini alyşmak babatdaky mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy — diýlip, Türkmenistanyň bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Bu synaglar Russiýanyň okuwçylarynyň bilim alşynyň netijelerine baha berme ulgamynda kesgitleýji ähmiýete eýe bolup, ol esasy we orta mekdepleri tamamlamak hem-de olaryň soňraky okuw mekdeplerine kabul edilmegi üçin standartlaşdyrylan şertler bilen üpjün edýär – diýip, saýtda bellenýär.