Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arassa Nusga»: ygtybarly IT-hyzmatdaşy saýlamagyň syrlary barada aýdýar

14:1215.10.2024
0
9013

Sanly tehnologiýalaryň örän çalt ösýän häzirki şertlerinde ygtybarly IT-hyzmatdaşy tapmak islendik biznes üçinem hökmany zerurlykdyr. Kiberhowplar, pes hilli programma üpjünçiligi hem-de ýerine ýetirijileriň professional derejede bolmazlygy maliýe taýdan uly möçberli ýitgilere we töwekgelçiliklere getirip bilýär.

Türkmenistanyň IT-bazarynda öňdebaryjylaryň biri bolan «Arassa Nusga» kompaniýasy maglumat howpsuzlygyny we biznesiň üstünlikli sanly geçişini üpjün etmek babatda toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär. Kompaniýanyň hünärmenleri ygtybarly hyzmatdaşy saýlamaga we biznesiňizi ýitgilere getirip biljek ýerine ýetirijilerden goramaga ýardam etjek gymmatly maslahatlaryny paýlaşdylar:

Hyzmatdaşlygyň resmi hasaba alynmagy. IT hyzmatlaryny ýetirmek üçin şertnama baglaşmak gyzyklanmalaryňyzy goramak meselesinde ilkinji ädimdir. Şertnamada taraplaryň hukuklary we borçlary, iş wagty, nyrhy hem-de beýleki möhüm şertleri anyk kesgitlenilmelidir.

Resminamalary barlamak. Potensial hyzmatdaşyňyzdan onuň işiniň kanuny taýdan resmileşdirilendigini tassyklaýan ähli zerur resminamalary soraň. Bu onuň ygtybarlylygyny we kadaly işleşmegini üpjün eder.

Baha bermeler we keýsler. Hyzmatdaşyň ozalky müşderileriniň oňa berýän bahalary bilen tanyş boluň we tamamlan taslamalarynyň keýslerini öwreniň. Bu kompaniýanyň işiniň hiline, tejribesine we dürli meseleleri çözmekdäki ukybyna baha bermäge kömek eder.

Maglumatlaryň gizlinligi. Gizlin maglumatlaryň äşgär edilmezligi baradaky ylalaşyga (NDA) gol çekiň. Bu söwda işiňizdäki syrlaryň bilinmezligi üçin zerurdyr.

«Arassa Nusga» müşderilerine diňe bir IT hyzmatlaryny däl, eýsem, biznesi ösdürmek üçin köpugurly çözgütleri hem hödürleýär. Kompaniýanyň hünärmenleri müşderilerine sanlylaşdyrmak işlerinde howpsuzlygy, hili, aç-açanlygy we goldawy kepillendirýärler.

«Arassa Nusga» bilen hyzmatdaşlyk — bu biznesiňiziň geljegine maýa goýumdyr.

Kompaniýanyň hyzmatlary barada has giňişleýin maglumatlary www.arassanusga.com resmi web saýtyndan ýa-da şu görkezilen telefon belgileri arkaly habarlaşyp alyp bilersiňiz: (+993 12) 75 44 80, (+993 61) 64 86 05, (+993 62) 45 93 20.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň