Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary garşy alýar

07:3122.09.2024
0
12216

24-nji sentýabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgündeTürkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Eýýäm ýurduň ähli sebitlerinden bu umumymilli foruma gatnaşjak wekiller paýtagt şäher Aşgabada geldiler. Bu barada "Neýtralnyý Turkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Aşgabatda ýurduň sebitlerinden gelen wekiller türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däpleri, baýramçylyk ruhy bilen garşy alyndy. Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan umumymilli foruma gatnaşjaklar ýörite goýlan otlular bilen paýtagta geldiler. Daşoguz welaýatyndan uçarda gelen wekiller bolsa Aşgabat Halkara howa menzilinde mähirli garşylanyldy.

Ýurduň sebitlerinden paýtagta gelen myhmanlar, şol sanda il sylagly ýaşulular aýdym-sazly garşylanyp, asylly däp boýunça olara duz-çörek hödür edildi. Ulaglardan ilkinji bolup düşen hormatly ýaşulular we mährem eneler öz täsirlerini habarçylar bilen paýlaşdylar.

Umumymilli foruma gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezident Serdar Berdimuhamedowa halk demokratiýasynyň däp-dessurlaryny gorap saklaýandyklary üçin hoşallyk bildirdiler. Şeýle-de olar Halk Maslahatynyň mejlisiniň tutuş halk üçin halk demokratiýasynyň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan ajaýyp baýramçylykdygyny, onuň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetlidigini bellediler.

Umumymilli foruma gatnaşyjylar üçin rahat ýaşaýyş şertleri, teatrlara we şäheriň gözel ýerlerine gezelençler göz öňünde tutulan ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, halkyň wekilleriniň milli hem döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmagyna, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmäge ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň