Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «ULearningiň» bilim ulgamyna «emeli aňy» ornaşdyrmakdaky tejribesini öwrener

18:4221.09.2024
0
11348

Türkmenistan «Huawei» kompaniýasynyň hyzmatdaşy bolan Hytaýyň «ULearning» kompaniýasynyň bilim ulgamyna «emeli aňy» ornaşdyrmakda gazanan ösüşlerini öwrenmegi meýilleşdirýär.

«Amplifier Intelligence» şygary astynda geçen «Huawei» kompaniýasynyň «Connect-2024» sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti «Akylly bilim ulgamy» bölümine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň «ULearning» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we onuň ýolbaşçysy doktor J.Jin bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanda bilimi dolandyrmagyň intellektual ulgamlaryny ornaşdyrmagyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda «ULearning» kompaniýasy türkmen tarapy gyzyklandyrma bildiren ýagdaýynda «emeli aňy» bilim ulgamynda netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin «akylly» synp ulgamyna elýeterliligi üpjün etmäge taýýardygyny mälim etdi. Ulgamy synagdan geçirmek üçin 200 sany ulanyjy üçin giriş üpjün ediler. Synagyň çäginde türkmen mugallymlary okuw prosesinde, okuwyň mazmunyny düzmekde hem-de okuwçylaryň ýetişigini bahalandyrmakda «emeli aňyň» netijeli ulanylşyny öwrenip bilerler.

Bu ulgam sapaklaryň geçirilişiniň netijeliligine baha bermäge we mugallymlara anyk synpda geçilýän sapaklary kämilleşdirmek boýunça maslahatlar bermäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem ol mugallymlara sapaklar üçin maglumatlary taýýarlamaga, okuw işlerini meýilnamalaşdyrmaga, test materiallaryny işläp düzmäge, okuwçylaryň ýetişigine toplumlaýyn baha bermäge we seljermäge kömek edýär.

Bu ulgam häzir bütin dünýäde 1000-den gowrak bilim edaralarynda üstünlikli netijeli ulanylýar. Bu çözgütler «emeli aň», uly göwrümli maglumatlar we bulut tehnologiýalary ýaly iň täze tehnologiýalary ulanmak bilen 10 milliondan gowrak ulanyjylary okatmagy üpjün edýär.

Ministriň orunbasary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan döredilen we täze işe girizilen «E-mekdep» platformasy we beýleki milli işläp düzmeler, şeýle hem ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň işlerine reýting baha bermegiň onlaýn platformasy, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin seljerme geçirmegiň we hiline baha bermegiň ulgamy, ýokary bilimiň maglumat ulgamy we beýlekiler ýaly bilimi dolandyrmagyň maglumat ulgamlary bilen tanyşdyrdy. Bu platformalaryň hemmesi Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde bilim işleriniň sanly dolandyrylyşy üçin niýetlenendir. Hytaý tarapy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň programma üpjünçiligini we «Huawei» kompaniýasynyň enjamlaryny birleşdirmek arkaly toplumlaýyn çözgütleri taýýarlamak boýunça türkmen tarapynyň işläp düzmelerini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň