Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze ilçisi alyp barjak işleri barada metbugatyň öňünde çykyş etdi

15:5005.09.2024
0
7923

ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Elizabet Rud 5-nji sentýabrda ABŞ-nyň Aşgabatdaky täze ilçihanasynda ilkinji metbugat ýygnagyny geçirdi. Žurnalistler bilen bolan duşuşygynda Amerikanyň diplomatik missiýasynyň baştutany hökmünde alyp barjak işleriniň esasy ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berdi.

— Hanym Rud çykyşyna başlamak bilen: «Men Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçisi hökmünde Türkmenistanda işe başlandygyma örän şatdyryn» — diýip, belledi. — 24-nji iýulda Türkmenistana gelen wagtymdan bäri men eýýäm Prezident Serdar Berdimuhamedow, daşary işler ministri Raşid Meredow, şeýle hem Türkmenistanyň hökümetiniň beýleki resmi wekilleri bilen duşuşdym.

Hanym Rud ilçi hökmünde alyp barjak işiniň dört esasy ugruna ünsi çekdi: howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler, ykdysady pudagy ösdürmek, howpsuzlyk meseleleri we esasy azatlyklary öňe ilerletmek.

Howanyň üýtgemegi bilen emele gelýän ýagdaýlar barada durup geçip, ol şeýle diýdi: — Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly bolan netijeleri azaltmakda strategiki garaýşy we örän ähmiýetli orny bar. Biz Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýyl Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygyny makullamak bilen garşy aldyk.

Ykdysady ugurda hanym Rud täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam etjekdigini aýtdy: — Täze iş ýerlerini döretmek, ilat üçin täze iş mümkinçiliklerini emele getirmek, şeýle-de Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek üçin Türkmenistanyň hökümeti hem-de hususy telekeçiler, şeýle hem ýurduň bilim edaralary bilen işleşeris – diýip belledi.

Howpsuzlyk meselesine geçmek bilen, ilçi bu barada şulary belledi: — Tebigy häsiýetli, şeýle-de adamlaryň amala aşyrýan hereketleri sebäpli ýüze çykýan adatdan daşary ýagdaýlara garşy durmak ýaly meselelere üns bereris. Biz bularyň hemmesini zorlukly ekstremizmiň we transmilli jenaýatçylygyň howpunyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň halkynyň abadan ýaşaýyşy üçin ederis.

Hanym Rud raýat jemgyýetini goldamaga aýratyn üns beriljekdigini nygtady: — Işimiň ýene bir ugry raýat jemgyýeti bilen has ýakyn aragatnaşykda bolmak üçin esasy azatlyklary goldamak we goramak bolar. Şeýle-de mejbury we çaga zähmetini aradan aýyrmak babatdaky çärelere ünsi jemläris.

Elizabet Rud iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek isleýändigini aýtdy: — Işimiň başga bir ugry biziň ýurtlarymyzyň adamlarynyň, halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek bolar. Geçen hepde men Mary welaýatyna iş saparymy amala aşyryp, ol ýerdäki amerikan otagyna baryp gördüm. Ýaşlaryň takyk ylymlar boýunça ýa-da beýleki ugurlar boýunça has köp zatlary öwrenmek, şeýle hem iňlis dili boýunça başarnyklaryny ösdürmek babatda maksada okgunlydyklary meni diýseň begendirdi.

Çykyşnyň ahyrynda ilçi ABŞ-nyň Türkmenistany goldamaklyga ygrarlydygyny tassyklady: — Garaşsyzlygy ykrar eden pursatyndan we Türkmenistan bilen işleşen ilkinji günlerinden başlap, ABŞ hemişe yzygiderli syýasaty alyp barýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we çäk bitewiligini elmydama goldaýandyr.

Georgiý ASLANÝAN

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň