Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Minnihanow Akdus bilen kömelek çöpledi

22:3318.08.2024
0
15174
Minnihanow Akdus bilen kömelek çöpledi
Surat: inkazan.ru

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow «Telegram» kanalynda türkmen alabaýy Akdusyň kömelekli sebediň ýanynda duran suratyny paýlaşdy. Respublikanyň Baştutany surata: «Olja» diýip at goýdy.

Awgust aýynyň başynda ýagan ýagyşdan bäri tatarystanlylar tokaýdan kömelek çöpleýärler. Kazanyň golaýyndaky tokaýlykda hem her ýagyşdan soň kömelek ösüp ýetişýär. R.Minnihanow hem sosial ulgamlarda öz iti bilen gezim etmäne çykan mahaly çöplän kömelekleriniň suratyny ýerleşdirdi.

Akdusyň ady tatarça bolup, türkmen diline terjime edilende «Ak dost» diýen manyny berýär. Akdus heniz kiçijek güjük mahaly 2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň