Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly agyr atletikaçy Dawranbek Hasanbaýew Olimpiýa oýunlarynda ýaryşar

11:0610.08.2024
0
11960

Şu gün ― Olimpiýa oýunlarynyň 15-nji gününde türkmenistanly agyr atletikaçy Dawranbek Hasanbaýewe janköýerlik ederis. Ol 102 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşýar. Türkmen türgeniniň agram derejesindäki ýaryşlara Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 14:30 töwereklerinde badalga berler. Ýaryşyň onlaýn hasabatyna Olympics.com web saýtyndan tomaşa edip bolar.

Hasanbaýew Tailandyň Phuket şäherinde geçirilen Dünýä kubogynda öz agram derejesinde ilkinji bäşlige girip, Olimpiýa oýunlarynyň ýollanmasyny aldy. Sport ýoluna Daşoguz welaýatynda girişen türgen häzirki wagtda Mansur Rejebowdan tälim alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň