Top.Mail.Ru

6-njy awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:4006.08.2024
0
8311

Serdar Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewiň Astana baryp görmek baradaky teklibini kabul etdi, Türkmenistan we Sinszýan oba hojalygynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar, Türkmenistanda Ýaşlar baýragynyň dalaşgärligine resminamalaryň kabul edişligi dowam edýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Kasym-Žomart Tokaýew Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen gelmäge hem-de Astanada geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna we «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň birinji sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany çakylyk üçin gazak kärdeşine minnetdarlyk bildirip, çakylygy hormat bilen kabul etdi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekip, Guwançmyrat Amangeldiýewi «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesine belledi. Gazetiň ozalky baş redaktory Azat Jepbarow geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary wezipesine bellenilipdi.

3. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekip, Gülendam Gurbanowany Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belledi. Ol bu wezipeden boşadylan Dürsadap Orazmämmedowanyň ornuna bellenildi.

4. Türkmenistan we Hytaýyň Sinszýan uýgur awtonom sebiti oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar. Bu Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew bilen Sinszýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşygyň esasy netijesi boldy. Taraplar energetika, bilim we lukmançylyk ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda oba hojalygy pudagyna aýratyn üns çekildi.

5. Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy Ýaşlar baýragynyň dalaşgärligine resminamalary kabul etmegini dowam edýär. Dalaşgärlige 16 – 35 ýaş aralygyndaky, edebiýat, sungat, medeniýet, ylym we tehnika, lukmançylyk, sport, oba hojalygy, jemgyýetçilik işjeňligi ýaly dürli ugurlarda uly üstünlikleri, döredijilik we zähmet işjeňligini görkezip bilen ýaş raýatlar çagyrylýar. Ozal bu baýragy almadyk adamlar bu baýraga dalaşgär bolup bilerler. Resminamalaryň kabul edişligi 15-nji sentýabra çenli dowam eder.

6. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabrigi ýurduň içinde açylan mekdep bazarlaryna mekdep lybaslarynyň uly tapgyryny iberdi. Fabrik mekdep bazarlaryny hemişelik we işjeň üpjün edijileriň biridir. Tikin fabriginiň hödürleýän harytlary çagalar we ulular üçin lybaslaryň onlarça görnüşini, düşek, ýorgan we öý dokma önümlerini öz içine alýar. Şu ýylyň başyndan bäri, tikin fabriginde 10 million manatdan gowrak önüm öndürildi.

7. Türkmenistandan lukmanlar Pusan milli uniwersitetiniň Koreýa lukmançylyk hassahanasynda kliniki taýýarlaýyş maksatnamasynyň dört hepdelik okuwlaryny geçdiler. Maksatnama gatnaşyjylar koreýa lukmançylygy, dikeldiş lukmançylygy hem-de akupunktur lukmançylygy kafedralarynyň professorlaryndan bilim we tejribe aldylar.

Dünýäde

1. Her ýylda geçirilýän itleriň arasynda sýorfing boýunça dünýä çempionaty Kaliforniýanyň Linda Mar kenarynda geçirildi. Ýaryşda dürli ýurtlardan 20-den gowrak dört aýakly türgen bäsleşdi. Gatnaşanlar dürli tohumlara degişli bolup, ululyklaryna görä ugurlarda bäsleşdiler. Howpsuzlyk üçin ähli itlere halas ediş lybaslary bilen üpjün edildi. Baş baýrak Kakau lakamly brazil labradoryna berildi.

2. 5 – 28-nji awgust aralygynda Merkuriniň retrograd hereketiniň nobatdaky döwri başlaýar. Astrologlaryň pikiriçe, bu durmuşymyzyň dürli taraplaryna täsir edip biler. Bu hadysa adatça möhüm kararlary kabul etmekde seresap bolmaly wagt hasaplanýar. Merkuriý astrologiýada aragatnaşyk we söwda bilen baglanyşdyrylýar, ol retrograd hereketi döwründe bu ugurlarda käbir kynçylyklara sebäp bolup biler.

Sport habarlary

1. «Ahal» Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Saud Arabystanynyň «Al-Ahdud» toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijileriň düzüminde gollary Daýanç Meredow, Elman Tagaýew we Meýlis Diniýew geçirdiler. Bu ýeňiş türkmen toparynyň Kartepe şäherinde alyp barýan barlag oýunlaryndaky üçünji ýeňşi boldy. «Ahal» 7-nji awgustda Eýranyň «Gol Gohar» topary bilen ýene bir barlag duşuşygyny geçirer.

2. Türkmenistan 14 – 18-nji awgust aralygynda Stambulda geçiriljek taýboks boýunça türki dünýäsiniň çempionatyna öz türgenlerini ibermäge taýýarlanýar. Bu ýaryş Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministrliginiň, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň, TÜRKSOÝ-yň we Türki Döwletleriň Guramasynyň goldaw bermeginde guralýar. Ýaryşyň resmi açylyş dabarasy 15-nji awgustda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň