Top.Mail.Ru

«Ahal» Türkiýede üçünji ýeňşini gazandy

14:3905.08.2024
0
8036

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary düýn Türkiýedäki üçünji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Saud Arabystanynyň «Al-Ahdud» topary bilen geçirilen bu duşuşykda «Ahal» güýçli garşydaşyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. «Ahal» toparynyň gollaryny Meredow Daýanç, Tagaýew Elman we Diniýew Meýlis (penaltiden) dagylary geçirdiler.

Şeýlelikde, «Ahal» Türkiýäniň Kartepe şäherinde alyp barýan okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky üçünji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy. «Ahalyň» indiki garşydaşy Eýranyň «Gol Gohar» topary bolar. Bu duşuşyk 7-nji awgustda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň