Top.Mail.Ru

Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystanynyň sergisi açyldy

10:0701.08.2024
0
12424

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdul Aziz adyndaky Ylmy merkeziniň «Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri» atly sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Saud Arabystanynyň Ylmy merkeziniň Ýerine ýetiriji başlygy Turki Al-Şuwaýyryň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýet, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary hem-de Medeniýet ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, sergide Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, Mekge we Medine şäherlerindäki iki mukaddes metjitlere degişli eksponatlara, Türkmenistanda saklanýan arap dilindäki seýrek golýazmalara uly orun berlipdir.

Onda «Hanbaly fikhi» diýlip atlandyrylýan arap sungatynyň ajaýyp eserleri bolan golýazmalary, gadymy ýadygärlikleriň, şol sanda ähli musulmanlar üçin mukaddes saýylýan metjitleriň fotosuratlaryny, arap halkynyň däp-dessurlaryna degişli gymmatlyklary, mukaddes Gurhanyň gadymy nusgalaryny synlamak bolýar. Çärede Abdullah bin Ahmad bin Muhammad, Ibn Kudaman, Muhammad Ibn Haj Ibn Şagban ýaly arap alymlarynyň, Magtymguly Pyragynyň golýazmalary bilen hem tanyşmak bolýar.

Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, gadymy döwürlerden bäri doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däpleri bilen özara baglanyşýan türkmen-arap gatnaşyklary häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze many-mazmuna eýe bolýar.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdul Aziz adyndaky Ylmy merkeziniň Ýerine ýetiriji başlygy Turki Al-Şuwaýyryň belleýşi ýaly, bu çäre iki dostlukly ýurduň ylmy merkezleriniň arasynda baglaşylan Ähtnamany durmuşa geçirmegiň we şu ýylyň 29-njy maýynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň ýedinji mejlisiniň çäginde gol çekilen Teswirnamada göz öňünde tutulan çäreleriň çäklerinde guralýar.

Serginiň çäklerinde «Türkmenistandaky arap golýazmalary» atly okuw maslahaty hem geçirilýär. Onuň dowamynda iki ýurduň alymlary arap dilinde we elipbiýinde ýazylan golýazmalary öwrenmek babatda özara tejribe alşarlar.

Şeýle hem gadymy taryhy, edebiýaty, dili, däp-dessurlary öwrenmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdul Aziz adyndaky Ylmy merkeziniň Ýerine ýetiriji başlygy Turki Al-Şuwaýyryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde myhmanlaryň «Köne Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmenistanyň

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna we Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar.

«Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri» atly sergi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 4-nji awgusta çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň