Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny, degişli döwlet toparynyň düzümini tassyklady

11:5513.07.2024
0
53002

12-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Şeýle-de:

  • Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak;
  • okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

Mundan başga-da, Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Döwlet toparyna 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.

Welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň