Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň onlarça ýurdunda Magtymgula bagyşlanan kitaplar çap edildi

15:3911.07.2024
0
8995
Dünýäniň onlarça ýurdunda Magtymgula bagyşlanan kitaplar çap edildi
Surat: Türkmenmetbugat

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sowgatlaryň — ylmy, çeper, publisistik eserleriň, kitaplaryň sany Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem barha artýar.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän maglumatlara görä, ýubileý sene mynasybetli maý aýynda Aşgabatda geçirilen iri forumlara, şol sanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirilen halkara ylmy maslahata gatnaşan myhmanlar bu neşirleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna gowşurdylar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna sowgat edilen kitaplaryň biri-de türk alymy Soner Saglam bilen Rahymmämmet Kürenowyň taýýarlan «Ady destana öwrülen şahyr — Magtymguly» atly kitapdyr. Ol akyldar şahyr hakynda rowaýatlardyr pikir-garaýyşlary, şygyrlary özünde jemleýär. Olar türkmen we türk dillerinde okyjylara ýetirilýär. 324 sahypalyk kitapda Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgular aýratyn orun eýeleýär.

Ýene bir sowgat türkiýeli professor, doktor, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Abdurrahman Güzeliň redaktorlygynda taýýarlanyp, Ankaradaky «Akça» neşirýatynda çap edilen «Mahtumkulu Divanı’ndan Seçmeler» atly kitapdyr. 410 sahypadan ybarat bolan kitapda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, edebi şahsyýeti, onuň Türkiýede öwrenilişi we bu işe goşant goşan alymlar, beýik şahyra bagyşlanan neşirler hakyndaky maglumatlar beýan edilýär. Neşirde dana şahyryň türkmen dilindäki we türk diline terjime edilen eserleri ýerleşdirilipdir. Ol düşündirişli sözlük bilen jemlenýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, özbek topragynda hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenip geçilýär. Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Bahodir Karimiň «Magtymguly — ynsanyýet şahyry» atly kitaby ussadyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýyl Daşkentde çap edilipdir. 11 bölümden ybarat bolan kitapda magtymgulyşynaslykda täze garaýyşlar, Arminiý Wamberiniň Magtymguly Pyragydan terjimeleri, türkmen-özbek edebi gatnaşyklary hakynda gürrüň edilýär. Awtor kitabyny «Magtymgulynyň tarypy» atly şygry bilen jemleýär. Onda: «Magtymguly — ruhy-jany türkmeniň,//Damarynda akar gany türkmeniň» ýaly joşgunly setirler bar. Kitapda eseriň özbek, türkmen, türk, azerbaýjan, garagalpak, gazak, arap, nemes dillerine terjimeleri-de ýerleşdirilipdir. Şygry türkmen diline Ysmaýyl Tagan bilen Abduwohid Saýidmatow terjime edipdir.

Şanly ýylda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna sowgat berlen kitaplaryň köpüsi türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, diline we edebiýatyna, maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanypdyr. Doktor Osman Merdiň «Ötüken Uygur Dönemi Yazıtlarından Tes — Tariat — Şine Us», «Köli Çor Yazıtı ve Anıt Mezar Kompleksi» atly Göktürkmen döwletine degişli gymmatlyklar, has takygy, oguz-orhon ýazgylaryna bagyşlanan neşirlerdir.
Olaryň arasynda professor, doktor Abdurrahman Güzeliň «Türkmen edebiýaty we türk dünýäsi» atly, Osman türkmen döwletine degişli Soltan Süleýmanyň Permanlary hakyndaky kitaplary-da bar. Alymyň Magtymgulynyň eserleriniň ähli döwürlerde durmuşyň her bir sahypasyny şöhlelendirýändigi, Magtymgulynyň idealy — Magtymgulynyň mekdebi hakynda garaýyşlary, onda türkmen keşbiniň açylýandygy hem-de şahyryň «mekdebinde» kämilleşmek hakynda pikirleri has-da özüne çekijidir.
Alymyň ýene bir sowgady geçen ýyl Ankarada çap edilen sopuçylyk edebiýatyna bagyşlanan «Dini-Tasavvufi Türk Edebiyatında Dört Kapı Kırk Makam» atly kitaby bolup, onda Hoja Ahmet Ýasawy, Süleýman Hekim Ata, Hajy Bekdaş Weli, Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Gaýgysyz Abdal, Şeýh Edebaly ýaly şahsyýetleriň hatarynda beýik Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde şerigat, tarykat, magrypet, hakykat ýollarynyň beýany seljerilýär.

Gazak alymy Dihan Kamzabekulynyň türki halklaryň edebiýaty bilen bir hatarda, türkmen edebiýaty, türkmen dilçileri hakynda maglumatlar getirilýän «Türki alkasy» atly hem-de Bauyrjan Omaruly, Amantaý Şarip bilen bilelikde ýazan milli edebiýat we milli mentalitet hakyndaky monografiýalary hem düýpli ylmy garaýyşlary özünde jemleýär.

Sowgat berlen kitaplaryň ýene biri-de wenger alymynyň şu ýyl Budapeştde çap edilen, türkmenler hakynda toplan maglumatlaryny özünde jemleýän «Louis Ligeti,s Turkmen Materials» atly kitabydyr. Ol Wengriýanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasy we maglumat merkezi tarapyndan taýýarlanypdyr diýlip, gazetiň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň