Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewro-2024-iň ähli ýarym finalçylary belli boldy

12:3108.07.2024
0
11264

Futbol boýunça Ýewropanyň çempionatynyň ýarym final tapgyrynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy. Ýarym finalyň soňky ýollanmasyna Türkiýäni 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden Niderlandlaryň ýygyndysy eýe çykdy.

Oýunda hasaby 35-nji minutda Samet Akaýdyn (Türkiýe) açdy. 71-nji minutda Niderlandlaryň goragçysy Stefan de Wreý hasaby deňlän bolsa, şondan 5 minut soň Mert Müldüriň öz derwezesine salan awtogoly Ronald Kumanyň şägirtlerine ýeňiş getirdi.

Niderlandlar ýarym finalda Angliýa bilen güýç synanyşar. Iňlisler ýaryşyň çärýek finalynda esasy wagty 1:1 hasabynda (Brel Embolo, 75 – Bukaýo Saka, 80) deňlikde tamamlanan oýnuň penaltiler seriýasynda Şweýsariýany ýeňlişe sezewar etdi. Oýundan soňky 11 metrlik urgularda 5:3 hasabynda Angliýa ýeňiş gazandy.

Niderlandlar bilen Angliýanyň arasyndaky ýarym final oýny 10-njy iýulda Dortmund şäherinde geçiriler.

Ýaryşyň beýleki ýarym final oýnunda bolsa Ispaniýanyň hem-de Fransiýanyň ýygyndylary duşuşarlar. Bu duşuşyk 9-njy iýulda Mýunhende geçiriler. Oýunlaryň ikisi hem Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanar.

Ýewro-2024-iň finaly 14-nji iýulda Berlin şäherinde oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň