Top.Mail.Ru

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

13:0104.07.2024
0
11044

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen baran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada gurlan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. By barada TDH ýazýar.

Ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylynda geçirilýän dabara iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Magtymguly Pyragynyň Astanada dikeldilen ýadygärliginiň beýikligi 8,5 metre golaýdyr. Heýkeltaraş Magtymguly Pyragynyň keşbini döredijilik bilen meşgullanýan pursatynda şekillendiripdir. Ýadygärligiň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga öwrülipdir.

Mälim bolşy ýaly, 17-nji maýda Aşgabatda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň beýik oglunyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Bu giň möçberli taslama Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri nusgawy edebiýatyň düýbüni tutan beýik şahyra «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny bagyşlady. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşen täze seýilgähiň çäginde dürli ýurtlaryň, şol sanda Gazagystanyň meşhur sungat işgärleriniň heýkelleriniň hem ornaşdyrylmagy bellärliklidir. Munuň özi halklaryň dost-doganlygynyň aýdyň nyşanlarynyň biridir. Magtymguly Pyragy özüniň öçmez-ýitmez goşgularynda bu gymmatlyklary ussatlyk bilen wasp etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň