Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat we Hanoý bilim pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýarlar

12:1125.06.2024
0
8297

24-nji iýunda Hanoýda Bilim we işgärler taýýarlygy ministrliginde Türkmenistanyň Wýetnamdaky ilçisi Parahat Durdyýew bilen bilim ministriniň orunbasary Nguen Wan Fukyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, HHM tarapyndan berilýän habarda aýdylýar.

Ilçi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, Türkmenistanyň bilim ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegi, şol sanda talyp alyş-çalyşlary barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Wýetnamyň Bilim ministrligini diplomlary synag etmek, baha bermek we ykrar etmek, hil dolandyryşy ýaly bilim ulgamynda, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy we mekdep bilim maksatnamalary barada maglumat alyşmakda hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Şonuň ýaly-da, Türkmenistandan tejribe alyşmak, gözleg institutlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek, wekiliýetleriň we lektorlaryň özara saparlaryny guramak teklip edildi.

Ilçi şeýle hem iki ýurduň talyplary üçin türkmen we wýetnam dillerini öwretmek ugrundaky gatnaşyklary güýçlendirmegi teklip etdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylandan soň, taraplar bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada şertnama gol çekmäge taýýarlyk görmek mümkinçiligine garadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň