Şu günler Arkadag şäheriniň dürli edaralary we kärhanalary ýurtda ilkinji bolup «döwlet ähmiýetli şäher» adyna eýe bolan «akylly» şäheriň açylmagynyň bir ýyllyk senesini bellemäge taýýarlanýar. Ýakynda Arkadag şäheriniň döwlet arhiwinde şu aýda boljak möhüm çärä bagyşlanan «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga gatnaşanlar ýaş nesliň bilim almagy we hemmetaraplaýyn ösmegi, şäher ilatynyň rahat durmuşy we zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilen şäheriň aýratynlyklary barada söhbet etdiler.
Bellenip geçilişi ýaly, bu ýerde alnyp barylýan uly göwrümli işleriň gidişini hemişe üns merkezinde saklaýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başlanan şäher gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň gönüden-göni durmuş ugruna eýe bolan we ýurduň hemmetaraplaýyn innowasion ösüşine, halkyň durmuş şertlerini we hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylan dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle hem Türkmenistanda ilkinji «akylly şäheriň» açylyşy mynasybetli dabaralara köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.