Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

08:5711.06.2024
0
8453

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda galla oragyna girişilip, möwsümi guramaçylykly geçirmek, orakda kombaýnlary we awtoulaglary doly güýjünde işletmek, şeýle hem ýygnalan hasyly kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, şeýle hem ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we bu önümler bilen ýurduň ak bazarlaryny bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Häkimler welaýatlarda Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, galla oragy möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitledi we bu babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany häkimlere ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň ak pata bermegi bilen Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna girişilip, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak hem-de kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, otamak we ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär.

Welaýatlarda ýeralmanyň we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça hem zerur çäreler görülýär. Häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek işleri guramaçylykly dowam edýär.

Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, ideg işlerine başlamak üçin taýýarlyk görülýär, Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişine girişmek üçin taýýarlyk işleri geçirilýär.
Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyrynyň ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek hem-de ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini, şeýle hem gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurduň Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda galla oragyna girişilendigini, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa indi girişiljekdigini aýdyp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, şeýle hem oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň