Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen aýakgaplary» indi «Berkarar» we «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkezlerindäki «Maraton» dükanlarynda hödürlenýär

17:2510.06.2024
0
17058

Rahatlyga we stile ýokary baha berýänleriň köpden bäri göwnüni awlap gelýän «Röwşen aýakgaplary» aýakgap brendi indi «Berkarar» we «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkezlerindäki «Maraton» dükanlarynda hödürlenýär.

«Maraton» dükanynda müşderiler «Röwşen aýakgaplary» brendiniň erkek, zenan we çaga aýakgaplarynyň köpdürli görnüşlerini tapyp bilerler.

Brendiň aýakgaplary geýmek üçin amatlydyr we tutuş günüň dowamynda aýaklaryň rahatlygyny üpjün edýär. Munuň syry ýokary hilli materiallaryň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagyndadyr.

«Maraton» dükany «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň ikinji gatynda, C17 bölüminde ýerleşýär. Müşderilere amatlylyk üçin «Röwşen» «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkeziniň hem ikinji gatynda hödürlenýär. Dükanlar bilen şu telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 12) 46 90 03, (+993 12) 46 90 33 («Berkarar») we (+993 61) 177579 («Gülzemin»).

«Röwşen» aýakgaplarynyň diňe dükanlarda däl, eýsem, bazar.com.tm saýtynda hem elýeterlidigini bellemek gerek.

Mundan başga-da, «Röwşen» aýakgaplary indi «Maraton» dükanlarynda 6 aý garaşaryna mümkinçilik bilen satylýar.

Aşgabatdaky dükanlaryň salgylary:

• Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 («Gadamly» binasy). Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19;
• Bamako köç., «Sumbar» bazary, «Datly Ses» söwda merkezi, 1-nji gat, telefon (+993 63) 65 16 85.

Türkmenistanyň beýleki şäherlerindäki «Röwşen aýakgaplary» dükanlarynyň telefonlary:

• Änew: (+993 62) 79 01 16;
• Tejen: (+993 63) 51 10 55;
• Mary: (+993 522) 7 30 15;
• Ýolöten: +(993 63) 06 47 78;
• Balkanabat: (+993 63) 28 32 05;
• Türkmenbaşy: (+993 65) 79 01 50;
• Daşoguz: (+993 62) 79 01 16;
• Türkmenabat: (+993 63) 79 74 88;
• Kerki: (+993 62) 67 05 19.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň