Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynyň ilatyna 200-e golaý döwrebap awtobuslar sowgat berildi

13:1106.06.2024
1
16853

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna amala aşyran sapary welaýatyň ilaty üçin göwün galkyndyryjy wakalara beslendi. Şol gün döwlet Baştutanynyň adyndan «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň

«Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslaryň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşuryldy. Bu barada welaýat gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, täze awtoulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Daşoguz şäheriniň döwrebap awtomenzilinde toý dabarasy guraldy.

Täze awtobuslar milli däp-dessurlary berjaý etmek bilen garşy alyndy.

Ähli döwrebap şertler we kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman awtobuslaryň gelip gowuşmagy mynasybetli guralan toý dabarasy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sowgat beren täze döwrebap awtobuslary ilkinji ýolagçylary bilen welaýatyň etrapdyr şäherlerine sary ýola düşdi. Dabara gatnaşyjylar täze awtobuslarda uly hoşallyk, belent buýsanç duýgularyny başdan geçirýän ilkinji ýolagçylara ak ýol arzuw etdiler. Şeýle hem halky hakynda tükeniksiz alada edýän Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna alkyş aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň