Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünleriniň jerimelerini tölemek üçin täze «Galkan töleg» goşundysy işe girizildi

17:0305.06.2024
1
27970

Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgün (ÝHD) bozulmalarynyň jerimelerini tölemek üçin «Galkan» atly täze mobil goşundy işe girizildi. Goşundy Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi (TIIM) tarapyndan işlenip düzüldi we häzirki wagtda ýükläp almak üçin Google Play internet dükanynda elýeterli bolup, ýakyn wagtda App Store internet dükanynda hem elýeterli bolar.

«Galkan» — bu diňe bir jerimeler üçin töleg edilýän goşundy hem däldir. Onda ýakyn wagtda şu aşakdaky wezipeleri hem amala aşyryp bolar:

Polisiýanyň jerimelerini tölemek: polisiýanyň işgärleri tarapyndan kesgitlenen jerimeleriň tölegini onlaýn tölemek mümkinçiligi.

Pasport bölüminiň elektron nobaty: pasport bölüminde onlaýn görnüşinde nobata durmak.

Ýangyn howpsuzlygy gullugy: Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň maglumatlaryny we hyzmatlaryny görmek mümkinçiligi.

«Ýol hereketi gullugy» bölüminde ýakyn wagtda aşakdaky bölümler elýeterli bolar:

  • Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmak
  • Ulagyň tehniki pasportyny çalyşmak
  • Döwlet belgilerini hasaba almak
  • Döwlet belgilerini gaýtadan dikeltmek.

«Galkan» mobil goşundysyny ulanmak örän ýeňil bolup, onda hasaba durmak üçin diňe telefon belgiňizi ýazyp, oňa gelýän tassyklaýyş koduny girizmek ýeterlikdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň