Aşgabatda täze «Gallery&Café by Durdy Bayramov» atly kafe-galereýa açyldy. Bu Türkmenistanda şeýle görnüşli ilkinji merkezdir. Ol tagamly naharlary dadyp boljak rahat kafeni we dünýä belli sowet türkmen suratkeşi Durdy Baýramowyň eserleri ýerleşdirilen sergi zalyny özünde jemleýär.
Mundan başga-da, Durda Baýramow adyndaky kafe-galereýasynda çagalar we ulular üçin dürli ussatlyk sapaklary, dabaralar, durmuş toýlary we doglan günler yzygiderli geçirilýär.
Durdy Baýramow sowet türkmen suratkeşi, mugallymy we fotosuratçysy. Ol 5000-den gowrak nakgaş, grafika we fotosurat eserleriniň awtorydyr. Suratkeşiň eserleri Türkmenistandaky muzeýleriň ýygyndylarynda, Tretýakow galereýasynda, Germaniýanyň Drezden galereýasynda, şeýle hem Russiýadaky, GDA ýurtlaryndaky we dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky hususy ýygyndylarda saklanýar.
«Gallery&Café by Durdy Bayramov» – bu gastronomiki lezzetleriň, estetiki gözelligiň we döredijilik ylhamynyň sazlaşygydyr.
«Gallery&Café by Durdy Bayramov» şu salgyda ýerleşýär: 8-nji kiçi etrapça, Binagärlik (Omskaýa) köç., 58. Iş wagty 8:00-dan 23:00-a çenli.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- Telefonlar: (+993 63) 46 99 66, 50 87 20;
- Sosial ulgamdaky sahypasy.
Bellik: Habar «Sarayan» kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat gazanyň» aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.