Madridiň «Real» kluby Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kiliýan Mbappe bilen 5 ýyllyk şertnama gol çekişilendigini mälim etdi. Bu barada «BBC» habar berdi.
25 ýaşly oýunçy täze toparynda ýyllyk 15 million ýewro hak alar. Mundan başga-da, 5 ýylyň dowamynda oňa 150 million ýewro möçberinde goşmaça töleg hem töleniler. Şol bir wagtyň özünde, Mbappe özüniň gatnaşmagyndaky mahabatlardan gelýän girdejiniň hem bir bölegini alar.
«Hiç kim meniň nähili bagtyýardygymy göz öňüne getirip bilmez. Meniň arzuwym hasyl boldy. Öz arzuwymdakly toparda oýnaýandygym üçin men örän şat» diýip, Mbappe täze topary baradaky pikirlerini paýlaşdy.
Ýeri gelende ýetlatsak, «Real» 1-nji iýunda ÝÇL-iň finalynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de topar bu ýyl Ispaniýanyň çempiony bolmagy hem başardy.