Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň we Grenlandiýanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler

09:4729.05.2024
1
12683

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 1-nji iýunda Antalýa şäherinde (Türkiýe) Grenlandiýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada Turkmenportala Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan habar berildi.

Häzirki wagtda bu jübütleriň ikisi hem şypahana şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu ýygnanyşykdan soň türkmen ýygyndysy dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäginde 6-njy iýunda Özbegistanyň, 11-nji iýunda bolsa Gonkongyň ýygyndysy bilen resmi duşuşyklary geçirer.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Grenlandiýanyň ýygyndylary biri-biri bilen taryhynda ilkinji gezek duşuşyp görerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň