Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlik, deňhukuklyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadag Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutana hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda dostlukly Tatarystana amala aşyrylan saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň mähirli kabul edilendigi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazan forumynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, şular ýaly çäreleriň geçirilmeginiň Tatarystanyň ösmegine hem-de Russiýa bilen yslam dünýäsini baglanyşdyrýan halka hökmünde ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, iki ýurdu halklary asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň, diliniň, dininiň umumylygyna, birek-birege hormat goýmaga hem-de deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler.
Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler halklaryň arasyndaky dostlugyň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga, şol sanda ylym we bilim, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri, Tatarystanyň we Türkmenistanyň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.