Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Belarusuň öňdebaryjy ýokary okuwlary türkmenistanly dalaşgärleri okuwa kabul edip başlady

11:0815.05.2024
0
19491

Belarus Respublikasynyň uniwersitetleriniň Türkmenistandaky resmi wekilligi bolan «Ideýa+» agentligi 2024-2025-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul edilişigiň açylandygyny habar berýär.

Belarusuň bäş sany öňdebaryjy uniwersiteti türkmenistanly dalaşgärleri dünýä derejesinde ýokary bilim almaga çagyrýar:

• Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti (BDLU);
• Belarus döwlet informatika we radiotehnika uniwersiteti (BDIweRU);
• Belarus milli tehniki uniwersiteti (BMTU);
• Belarus döwlet uniwersiteti (BDU);
• Ýanka Kupala adyndaky Grodnen döwlet uniwersiteti.

Näme üçin Belarusda okamagy saýlamaly?

• Okuwlaryň tölegleri amatly;
• Halkara standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli bilim;
• Hünärleriň köp sanly görnüşleri;
• Rus we iňlis dillerinde okamak mümkinçiligi;
• Howpsuz we amatly ýaşaýyş gurşawy.

«Idea +» agentliginiň maslahatçylary bu okuwlara dalaşgärlere ýokary okuwy we hünäri saýlap almakda, resminamalary ýygnamakda hem resmileşdirmekde, şeýle-de okuwa girmegiň ähli tapgyrlarynda professional derejede kömek etmäge taýýardyr.

Has giňişleýin maglumatlary almak üçin «Idea +» agentligi bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 71) 51 84 37, (+993 71) 55 04 85. Maslahat almaga ýazylmak üçin şu salgylanmadaky anketany dolduryň.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň