Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda biotehnologiýa pudagy üçin täze infrastruktura dörediler

11:0313.05.2024
0
15024

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň düzüminde biotehnologiýalar boýunça döwrebap ylmy barlaglary alyp barmak üçin ähli mümkinçilikler döredilen Biotehnologiýalar barlaghanasy hereket edýär.

Onda bioenergetika babatda biologik galyndylardan ýylylyk we elektrik energiýasyny öndürmäge, ekologik taýdan howpsuz ikilenji önümi almaga, dermanlyk ösümlikleri biotehnologiýanyň usullary arkaly ösdürmek bilen, olardan dermanlyk serişdeleri taýýarlamaga, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almaga, mikroorganizmleriň kömegi bilen topragy arassalamaga degişli düýpli we amaly ylmy barlaglar, tejribe-synag işleri ýerine ýetirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Tehnologiýalar merkeziniň ýaş alymlarynyň ylmy barlaglarynyň ugurlary biotehnologiýa, nanotehnologiýa, lukmançylyk serişdeleriniň senagaty, tebigy, mineral we beýleki peýdaly gazylyp alynýan serişdeleri çykarmak we gaýtadan işlemek, bioönümleri döretmek, tebigy suwlaryň, çeşmeleriň ynsan saglygy üçin peýdaly taraplaryny öwrenmek, olaryň önümçiligini artdyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meselelerde jemlenendir.

Şeýle-de bu ýerde dünýä biotehnologiýalar ylmynyň wajyp meselelerine bagyşlanan maslahatlar, ýurduň baý tebigatyny öwrenmäge ýardam edýän ylmy barlaglar yzygiderli geçirilýär. Ýerli tebigy çig mallardan dermanlaryň täze görnüşlerini taýýarlamagyň ylmy esaslary işlenip düzülýär.

Dermanlyk serişde hökmünde giňden ulanylýan ýandagyň mikrokapsulasy, maklýura agajyndan dermanlyk melhem, ýüpek gurçugyndan alynýan krizolid ýagynyň esasynda melhem, efir ýaglary, galaktomannan geli alyndy. Oba hojalyk mallary üçin weterinar antibiotikleriň, iýmlik aminokislotalaryň, iýmlik fermentli serişdeleriň ylmy-barlag işleri-de dowam edýär.

Häzirki wagtda Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanalarynda ýerine ýetirilen ylmy-barlag, tejribe işleriniň netijeleriniň onlarçasy ýurduň edara-kärhanalarynda, senagat desgalarynda önümçilige ornaşdyryldy.

Merkeziň barlaghanalarynda oba hojalyk we senagat toplumlarynyň önümçilik kärhanalarynda zyňylýan galyndylaryň daşky gurşawa ýetirýän zyýanly täsirlerini seljermek, olary önümçilik maksady bilen gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny işläp düzmek, kärhanalaryň önümçiliginiň wagtlaýyn we hemişelik tehnologik reglamentlerini taýýarlamak, kärhanalarda gurnalan önümçiliklerde öndüriljek önümleriň kadalaşdyryjy resminamalaryny taýýarlamak, çig malyň we taýyn önümiň tebigy ýitgilerini öwrenip, olaryň kadalaryny kesgitlemek, kärhanalaryň ekologik pasportlaryny, önümçilik tehnologiýalaryndaky enjamlaryň optimal ýylylyk iş kadalaryny saklamagyň ylmy-tehniki çözgütlerini işläp taýýarlamak ýaly işler dürli pudaklaýyn edaralar bilen baglaşylan hojalyk şertnamalary esasynda amala aşyrylýar.

Barlaghanalaryň ylmy işgärleri tarapyndan 2022-nji ýylyň başyndan bäri patentlerdir şahadatnamalaryň onlarçasy alyndy. Azyk senagat biotehnologiýasy — azyklyk ýarym taýýar önümleri (tiz tagamlary, aşlar, gury şireler, çorbalar, kädi we mekgejöwen uny, soganyň, sarymsagyň tozgasy) taýýarlamagyň, ýandak bilen stewiýa ösümliklerinden şireleri almagyň usulyýeti işlenip düzüldi, uýan süýtden laktoza, bakja ekinlerinden konditer önümleri alyndy. Oba hojalyk biotehnologiýasy boýunça önümçilik mikrobiologiýasynyň kämilleşdirilmegi ugrunda-da ylmy gözlegler alnyp barylýar.

Hususan-da, önümçilikde sianoprokariotlaryň ulanylyşy, sianobakteriýalaryň esasynda bionanokompozit materiallarynyň taýýarlanylyşy, gowaça tohumy ekilmezden öňürti, tohumlara sianoprokariotlaryň täsiri, topragyň şorlaşmasyny azaltmak üçin mikromisetleriň bölünip alnyşy, dürli mikroorganizmleri ýüze çykarmak, oba hojalyk önümi bolan «gara ýolbarsjykdan» guşlar we balyklar üçin iýmit taýýarlamak boýunça köpugurly ylmy işler dowam etdirilýär.

Tut ýüpek gurçuklary boýunça barlaghana şertlerinde bionanotehnologiýa usullary arkaly, kämilleşdirilen ýokary tizlikli iýmitlendirmegiň usullaryny ulanyp, ýylyň dowamynda ýüpek gurçuklarynyň hasyl berijiligini, piläniň hilini ýokarlandyrmak we olaryň galyndylaryny gaýtadan işläp, täze önümleri almak ýaly ugurlarda alnan netijeler hem bar.

Habarda bellenilişi ýaly, tebigy boýaglar işlenilip, yşgyndan mämişi, üzärlikden goýy gyzyl, ýandakdan açyk goňur ýaly tebigy reňkler alyndy. Önümçilik biotehnologiýalary biologik sintez berlen alamaty özünde saklaýan täze önümleriň dürli görnüşlerini döretmäge mümkinçilik berýär. Şunda gürrüň, hususan-da, adaty ugurlar (adam hem-de haýwanlar iýmiti we ş.m.), şeýle-de düýbünden täze ugurlar (biopolimerleriň, biodargaýan önümleriň, bioýangyjyň önümçiligi) barada barýar. Önümçilik biotehnologiýalary häzirki wagtda dünýäde biotehnologik önümçiligiň ösüşiniň güýçli hereketlendirijisi hasaplanýar.

«Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan biotehnologiýa boýunça halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu ulgamda hünärmenleri yzygiderli kämilleşdirmek, ýaş hünärmenleri, alymlary taýýarlamak işleri alnyp barlar.

Dünýäniň degişli ylmy edaralary bilen sanly ulgam boýunça işleri ilerletmek, hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen daşary ýurtlara iş saparlary guralar. Biotehnologiýanyň usullaryny peýdalanmak arkaly ýerli çig mallardan fermentleri almagyň, azyk senagaty üçin glýukoza-fruktoza şiresiniň önümçilik tehnologiýalarynyň, Türkmenistanyň florasyndaky ösümliklerden derman serişdeleriniň täze görnüşlerini almagyň, oba hojalyk ekinleriniň we mallaryň tohumçylyk-seçgi işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin pasportlaşdyrmagyň ylmy esaslary işlenip düzüler hem-de önümçilige hödürleniler.

Şeýle hem ekerançylyk üçin bioserişdeleri taýýarlamak we biologik usullar arkaly ösümlikleri goramak maksady bilen, degişli barlaglary geçirmek meýilleşdirilýär.

Weterinar bioserişdeleri taýýarlamagyň innowasion tehnologiýalary boýunça, biotehnologiýanyň usullaryny peýdalanmak arkaly ýerli çig mallardan oba hojalyk mallary üçin iým goşundylaryny taýýarlamak, topragy arassalamak, gurplandyrmak, şorlaşmagynyň öňüni almak, biodökünleriň täze görnüşlerini döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek, ýurduň oba hojalygynda galýan galyndylary toplumlaýyn gaýtadan işlemek boýunça, baglary goramagyň biotehnologik serişdelerini almak, mikrosuwotulary we suwotulary gaýtadan işlemek, nebitşlamly topraklary arassalamagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek we önümçilige teklipleri hödürlemek hem meýilnamada bellenilen möhüm çäreleriň hataryndadyr.

Maksatnamany amala aşyrmagyň çäginde halkara tejribeleri hasaba alyp, biotehnologik önümleri öndürmegiň tehniki şertleri, kadalaşdyryjy resminamalarydyr «ýaşyl» standartlary hem işlenip düzüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň