Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentine Ýeňiş güni mynasybetli Emomali Rahmondan gutlag haty geldi

06:2009.05.2024
0
5307

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlady.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda täjik Lideri şeýle belleýär:

"Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we ýurduňyzyň ähli raýatlaryny Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlaýaryn. 9-njy maý biziň halklarymyzyň görkezen deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlygynyň we edermenliginiň nyşanydyr. Bu gün biz söweş meýdanlarynda, tylda batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy bilen Ýeňşi ýakynlaşdyran pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligini, watansöýüjiligini, gahrymançylygyny sarpalaýarys.
Hoşniýetli dostluk, raýdaşlyk, birek-biregi goldamak däpleriniň geljekde-de Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!".

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň