Ýagşymyradow – Nedo söweşine 10 günden az wagt galdy

11:0103.04.2024
0
14003

Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow 12-nji aprelde Las-Wegasda geçiriljek «PFL 2» turniriniň çäginde sloweniýaly Jeýkob Nedo bilen tutluşar.

Döwletjan Ýagşymyradow özüniň soňky söweşini 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda «Bellator 300» turniriniň çäginde Maseý Rozanski bilen geçirip, eminleriň biragyzdan gelen netijesine görä, ýeňiş gazanypdy. Häzirki wagtda onuň hasabynda 21 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar.

Jeýkob Nedo bolsa soňky gezek 2023-nji ýylyň dekabrynda «PFL» turnirinde Simeone Pauel bilen söweşip, 2-nji raundda garşydaşyny tehniki nokauda sezewar edipdi. Onuň hasabynda 8 ýeňiş we 1 ýeňliş bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň