Soňky habarlar

Arhiw

«Ak bulut» hojalyk jemgyýeti Gruziýa gipsokartony eksport edip başlady

16:1030.03.2024
0
20858

Gurluşyk pudagy üçin innowasion materiallary bilen tanalýan «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti Gruziýanyň bazaryna täze önümi – «Ak bulut gipsokartony» hödürledi.

Gruzin bazaryna girmek kompaniýanyň halkara abraýyny berkitmek we iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek strategiýasynyň bir bölegidir.

Gipsokarton – köpugurly materialdyr, onsuz hiç hili gurluşyk ýa-da abatlaýyş işleri geçirilip bilinmez. Ol çyglylyga we oda garşy durnukly, ýokary ses izolýasiýasy häsiýetlerine eýedir.

Lebap welaýatynda «Ak bulut» HJ gury gurluşyk garyndylarynyň we gipsokartonyň ýokary tehnologiýaly önümçiligini ýola goýdy. Kärhananyň ýyllyk kuwwaty, degişlilikde, 50 000 tonna we 4 million inedördül metre deňdir.

Öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda öndürilen «Ak bulut gipsokarton» ekologiýa taýdan arassalygy hem-de ýokary hili bilen tapawutlanýar, bu bolsa onuň uzak wagt hyzmat etmegini we ygtybarlylygyny kepillendirýär.

«Harytlary Gruziýa eksport etmek biziň kompaniýamyz üçin strategiki ädimdir. Bu täze bazar önümlerimiziň hilini we innowasion gurluşyny halkara derejesinde görkezmäge mümkinçilik berýär» diýip, kompaniýanyň baş direktory belledi.

Gruzin müşderiler we hyzmatdaşlar «Ak bulut gipsokartonyň» hiline we durnukly önümçilik aýratynlyklaryna ýokary baha berdiler. Baş direktor eksportyň geljekdäki hyzmatdaşlyga gapy açjakdygyna ynanýar.

«Ak bulut» kompaniýasynyň önümleriniň Gruziýa üstünlikli eksport edilmegi Türkmenistanyň gurluşyk serişdeleri pudagyny ösdürmäge innowasion çemeleşmelerini we onuň strategiki taýdan möhüm bazarlarda ornuny pugtalandyrýandygyny görkezýär.

«Ak bulut» kompaniýasy halkara bazarlarynda öz ornuny giňeltmek maksady bilen, gurluşyk serişdeleriniň eksportyny artdyrmagyň üstünde işjeň işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň