Türkmenistanyň Merkezi banky şulary habar berýär:
"Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda Visa, MasterCard halkara töleg ulgamlarynyň kartlary arkaly içerki hem-de halkara tölegleri geçirmäge, bank hasaplarynyň üsti bilen daşary ýurt puluny satyn almaga giň şertler döredildi.
Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak, «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyýerine ýetirmek maksatlary bilen, 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndan başlap ýurdumyzyň çäginde daşary ýurt pullaryny satyn almagy-satmagy amala aşyrýan ygtyýarly karz edaralarynda ýa-da olaryň alyş-çalyş nokatlarynda fiziki şahslara daşary ýurt puluny satmak düzgünlerine birnäçe üýtgetmeler girizilýär.
Şahsy taraplara satylýan daşary ýurt pulunyň aňryçäk möçberini häzirki wagtda ulanylýan her aýda 1000 (bir müň) amerikan dollaryna (ýa-da şoňa barabar möçberde beýleki daşary ýurt pullarynda) deň bolan derejesinde saklamak bilen, şahsy tarapyň satyn alýan daşary ýurt puluny onuň halkara (Visa, MasterCard) plastik kart hasabyna geçirip bermek, şahsy tarapyň daşary ýurt puluny satyn almak üçin töleýän manat serişdelerini diňe onuň manatdaky bank hasabynyň üsti bilen kabul etmek, nagt görnüşde tölemek islese, pul serişdeleriniň gelip çykyşyny tassyklaýan resminamalary talap etmek, bir maşgalanyň agzalarynyň öz aralarynda pul serişdelerini, şol sanda daşary ýurt pulundaky serişdelerini bank hasaplary arkaly erkin geçirip bilmek ýaly şertler döredildi. Şeýle-de şahsy taraplaryň internetiň üsti bilen halkara plastik kartlaryndan töleg geçirip, daşary ýurtlaryň howa ulaglary kompaniýalaryndan uçar peteklerini satyn almak üçin töleglerini şol hasaplardaky daşary ýurt pulunyň çäklerinde bökdençsiz geçirip bermek boýunça mümkinçilik döredildi.
Ýokarda bellenilenler ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmäge, milli töleg ulgamyny kämilleşdirmäge we onuň halkara töleg ulgamyna utgaşmaga mümkinçilikler açýar."
Bu maglumat Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi internet saýtynda (maglumatyň doly salgysy: http://www.cbt.tm/tm/news/2016/01_uytgetmeler.html) hem ýerleşdirilipdir.