12-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň jemleri jemlenildi, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Binali Ýyldyrym Aksakgallar geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de ata-babalarynyň Watany bolan Türkmenistanda mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň Aşgabatda geçirilmeginiň taryhy ähmiýete eýedigi aýratyn nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatda Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çäreler maksatnamasynyň üstüni ýetirip, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrjakdygyna, forumyň türki döwletleriň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmakda ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň dowamynda türki dünýäniň döwletleriniň arasynda köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy.
Gahryman Arkadag hem-de Aksakgallar geňeşiniň başlygy gurama agza ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, hususan-da, medeni-ynsanperwer dialogy giňeltmek üçin tagallalary birleşdirmek barada pikir alyşdylar. Mejlisiň dowamynda öňe sürlen başlangyçlaryň Türki Döwletleriň Guramasynyň mundan beýläk-de netijeli işlemegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirildi.
Ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmekde Aksakgallar geňeşiniň agzalaryna aýratyn orun degişlidir diýip, hormatly Arkadag Binali Ýyldyryma geňeşiň işiniň ýokary derejede alnyp barylýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda myhman türkmen halkynyň Milli Liderine mejlisiň ýokary derejede geçirilendigi hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň öňünde durýan wezipeleri bilelikde üstünlikli çözmekde ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.