28-nji martda sagat 18:30-da «Coddy» halkara programmirleme mekdebi çagalaryna IT bilim bermek bilen gyzyklanýan ähli ene-atalary «Garward kursy» atly täze kursa bagyşlanan Açyk gapylar gününe çagyrýar.
«Garward kursy» çagalara 4 sany meşhur programma dili barada çuňňur bilim berer. Sapaklaryň dowamynda çagalar öz IT önümlerini döretmegi öwrenerler hem-de algoritmleriň we maglumatlaryň düzümleriniň işleýiş ýörelgelerini özleşdirerler.
Bu kursy «Coddy» mekdebiniň we «ITEA» IT akademiýasynyň mugallymy Didar Güneşew öwreder. Didaryň 2 ýyldan gowrak mugallymçylyk tejribesi bar.
Açyk gapylar gününde ene-atalar okuw meýilnamasy, okatmagyň usullary, okuwçylara bildirilýän talaplar, şeýle hem mugallymyň iş tejribesi we hünär derejesi barada islendik soraglary berip bilerler.
Çäräniň geçiriljek ýeri «Berkarar» işewürlik merkezi, ofis A7, 1-nji gat. Giriş mugt.
Hasaba alynmak üçin şu telefonlara jaň etmeli: (+993 63) 42 67 51, (+993 63) 47 11 92 ýa-da salgy arkaly haýyşnama ibermeli.