Ýürek-damar keselleriniň, Alsgeýmer keseliniň hem-de wagtyndan ir garramagyň öňüni almakda düzüminde flawanollar bolan azyk önümleri kömek edip biler. Bu barada russiýaly terapewt-lukman we gastroenterolog, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Konstantin Spahow gürrüň berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
«Bu maddalara meşhur gök-bakja önümleri we miweler baýdyr. Olaryň käbiri gymmat däl we ýylyň bütin dowamynda elýeterlidir. Mysal üçin, kelem (kelemiň ähli görnüşi), düýp sogan (has-da gyzyl sogan) hem-de alma» diýip, lukman maslahat berdi.
Lukmanyň sözlerine görä, peýdaly azyk önümleriniň sanawyna sitruslar, pomidor, burç, üzüm, miweler, ter gök otlar we göýül girýär. Flawonollara çaý we gyzyl çakyr hem baýdyr. Spahow her gün peýdaly gök önümleriň we miweleriň azyndan 500 gramyny iýmegi maslahat berdi.
Lukmanyň bellemegine görä, flawonollaryň çişe, sowuklama garşy häsiýetleri bar, ady agzalan azyk önümleri adama garrylyk bilen bagly kesellerden goranmaga-da kömek edýär.