Soňky habarlar

Arhiw

AŞTU: «Belet Film» hyzmatyny bir ýyllyk garaşaryna berilýän «Belet Box» týunerinde birikdirip bilersiňiz

12:0713.02.2024
0
52003

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderilerine indi «Belet Film» hyzmatyny 12 aý möhlet bilen garaşaryna hödürlenýän «Belet Box» týuneri arkaly birikdirmek mümkinçiligini ýetirýär.

«Belet Box» týuneri üçin her aýda geçirilmeli töleg 69 manada deň bolýar. «Belet Box» enjamy garaşaryna satyn alnan ýagdaýynda “Belet Film” hyzmatynyň her aýlyk tölegi 5 manat ýokarlanýar, has takygy týuner nagt satyn alnanda bu hyzmatyň aýlyk tölegi 30 manat bolsa, enjamy garaşaryna alanyňyzda hyzmatyň aýlyk tölegi 35 manada barabar bolýar.

AŞTU-nyň hünärmenleri siz üçin amatly bolan wagtda «Belet Box» týunerini öýüňize baryp gurnap hem-de birikdirip bererler.

«Belet Box» — diňe bir «akylly» týuner bolman, eýsem çäksiz mümkinçilikleriň dünýäsiniň açarydyr. Öňdebaryjy tehnologiýa ulgamyna we elýeterli baha eýe bolmak bilen, ol ýokary hilli kontentlere müňlerçe sagatlyk giň şertleri açýar.

«Belet Box» enjamyna şu hyzmatlar ýüklenen: «Belet Film», «Belet Video», «IPTV» we «Älem TV».

«Bluetooth» aragatnaşygy we ses dolandyryş ulgamy bolan döwrebap pult «Belet Box-dan» peýdalanmagy ýeňilleşdirýär. Indi ozalky ýaly öýde pulty gözlemersiňiz, diňe görmek isleýän zadyňyzy aýtsaňyz, «Belet Box» ony size tapyp, tomaşa etmäge ýetirer.

«Belet Box» týuneri bir ýyl möhlet bilen kepillikli ýetirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň