Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, mejlisde ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler kesgitlenip, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere-de garaldy.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.
Giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şu ýylda öňde durýan beýleki käbir wezipeler hem-de guramaçylyk meseleleri bilen bagly köp sanly resminamalara gol çekdi.