Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan demir ýol infrastrukturasyny gowulandyrmagy meýilleşdirýär

06:1103.02.2024
0
23424

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan ýurduň ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmek, degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça çäreler görülýär. Nobatdaky Hökümet mejlisinde bu barada agentligiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi diýip, TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, hususan-da, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan demir ýol ulaglary arkaly halkara we içerki ýük daşamalaryň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak we giňeltmek, ulaglaryň kuwwatyndan has doly peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmek ugrunda alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy. Daşky gurşawy goramak babatda ähli şertleri nazara almak bilen, demir ýol stansiýalarynda hereket edýän infrastruktura desgalarynyň durkuny täzelemek, täzelerini gurmak meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň