Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň 6-njy saýlama oýny geçirilýär

13:1127.01.2024
0
44084

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly şygar bilen geçirilýän III möwsüminiň 6-njy saýlama oýny 14-nji fewralda geçirilýär.

Nobatdaky tapgyr «Ahmet şa Dürrany. Dürranylar döwletiniň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary» temasy boýunça geçiriler diýlip, institutyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda oýna gatnaşjak okuwçylara taýýarlanmak boýunça maslahat berilýän edebiýatlar hem ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň