Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Marsda uly ýerasty buzluklar tapyldy

12:2722.01.2024
0
25222
Marsda uly ýerasty buzluklar tapyldy
Surat: 24.kz

Ýewropaly alymlar Marsda uly ýerasty buzluklary tapdylar diýip, «24KZ» ýazýar. Gyzyl planetanyň ekwator guşaklygyndan tapylan ýerasty buz gatlagy 300 metr töweregi çuňlukda ýerleşip, daşlar we gatlaklar bilen örtülendir. Buz gatlagyň galyňlygy 4 kilometr töweregi.

Hünärmenler buzlugyň bütin planetany çuňlugy üç metr bolan umman bilen örtmage ýetjekdigini aýdýarlar.

Buzluk Marsda soňky üç milliard ýylda doňan ýanardag ergininden emele gelipdir, soňra onuň üsti ýanardag külüniň galyň gatlagy bilen örtülipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň