Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ­halkyn­yň Milli Lider­i Arkadag şäherinde ilkinji Täze ýyl baýramynyň ýokary derejede bellenilmelidigini tabşyrdy

22:4609.12.2023
0
53186

Habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen ­halkyn­yň Milli Lider­i, Türk­menistanyň Ha­lk Masla­hatynyň Başl­ygy, Horm­atly il ýaş­ulusy Gurb­anguly Ber­dimuhamedow­ Arkadag ­şä­herine iş saparyny­ am­ala aşyrdy.

«Watan» habarlar gep­leşiginde habar beril­megine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheri boýunça iş saparynyň dowamynda şäheriň Baş baýdak meýdançasyna bardy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaňbaňlandyrylar.

Ha­lk Masla­hatynyň Başl­ygy täze şäherde ilkinji gezek belleniljek Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralaryň ýokary derejede geçirilmelidigini belläp, bu ýerde belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary guramak, Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralarynyň türkmen toýlaryna mahsus ýagdaýda köpöwüşginli çykyşlar bilen utgaşmagyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde şäher myhmanhanalarynda hyzmatlaryň ýokary derejesiniň ýola goýulmalydygy barada aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde guraljak baýramçylyk dabaralaryna ýurduň dürli künjeklerinden geljek myhmanlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Bu ýerde guralýan ähli çäreleriň, söwda we hyzmatlar medeniýetiniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bolup, olaryň baýramçylyga gatnaşmaga gelen myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmalydygyny belledi.

Ha­lk Masla­hatynyň Başl­ygy guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, ulular üçin bolşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin hem şatlykly pursatlara beslenmelidigini, şol bir wagtyň özünde, şäheriň ähli çäklerinde göçme söwdalaryň guralyp, olarda sowgatlyk we azyklyk önümleriň köp görnüşleriniň hödürlenmegi, söwdanyň medeniýetiniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň