14-15-nji dekabr aralygynda Mary şäherinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň bezeg we amaly sungat eserleriniň bilelikdäki sergisi geçiriler. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkeziniň metbugat gullugy habar berýär.
Bilelikdäki serginiň çäginde mozaika we bezeg sungaty boýunça ussatlyk sapaklary hem geçiriler. Myhmanlar dabaraly konserte we sungat işgärleriniň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler.
Şeýle hem, sergä Eýrandan «Zendegiýe Aýinie Mazändäran» aýdym-saz topary gatnaşar.
Serginiň açylyşy 14-nji dekabrda sagat 11:00-da Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolar. Oňa Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtab Ruzbekhaniniň hem gatnaşar.
Şol gün sagat 18:00-da Kemine adyndaky Mary welaýatynyň Döwlet drama teatrynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçiriler.