Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awstriýa kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistana iş sapary bilen geldi

18:3805.12.2023
0
33253

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleri bilen türkmenistanly işewürleriň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşygy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow açdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Awstriýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistana iş saparynyň dowamynda döwlet we hususy ulgamlaryň wekilleri bilen duşuşyklar guralar. Munuň özi türkmen we awstriýaly işewürleriň geljekde uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyna özboluşly badalga berer diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde Awstriýanyň Federal Ykdysady Palatasyny döredýän Awstriýa kompaniýalarynyň Türkmenistandaky biznes maksatly wekilhanalary yzygiderli hereket edýär. Munuň özi türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmekde möhüm orun eýleýär. Bu bolsa awstriýaly kompaniýalaryň türkmenistanly işewürler bilen hyzmatdaşlyk saklamaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyň subut edýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň